Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Administratiw edarasynyň başlygy Mohammad Şaker Kargar bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň meseleleri maslahatlaşyldy, diýlip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Syýasy taýdan ösüş hereketiniň ykdysady öňegidişlik hem-de ynsanperwer düzüjiler bilen ysnyşykly bagly bolup durýandygyny nazarda tutup, türkmen tarapy Owganystanyň gatnaşmagynda ähmiýetli taslamalaryň başyny başlaýar hem-de olary işjeň ýagdaýda öňe sürýär.
Şunuň bilen baglylykda, Ş.Kargar Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de owgan halkynyň ösüşiň parahatçylykly ýoluna integrirlenmegine Türkmenistanyň ähmiýetli goşant goşýandygyny aýratyn nygtady. TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy, demirýol gatnawlarynyň ösdürilmegi, «Lapis Lazuli» ulag geçelgesiniň hem-de durmuş, ykdysady we senagat ugurly infrastruktura taslamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegi iki ýurduň hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydyklarynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.
Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň agramly bukjasy bolup, ol taraplaryň ulag, kommunikasiýalar, energetika, gurluşyk, ylym-bilim we köpsanly beýleki ugurlar boýunça strategiki hyzmatdaşlygyny kadalaşdyrýandyr. Şu ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda gol çekilen birnäçe möhüm ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalar gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.
Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudagynyň işjeň gatnaşmagynda bilelikdäki geosyýasy hem-de geoykdysady taslamalary durmuşa geçirmek babatynda sazlaşykly işleri yzygiderli dowam etmegiň zerurlygy nygtaldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.