Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda şu ýylyň geçen dokuz aýynda 338,9 müň tonnadan gowrak çig mal getirildi, şolardan 151,1 müň tonnasy çig nebit, galany – gaz kondensaty. Şunda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 103%-e deň boldy.
Çig maly çuňlaşdyryp gaýtadan işlemegiň netijesinde 171,3 müň tonnadan gowrak benzin öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 25% artykdyr. Mundan başga-da, 102,9 müň tonna dizel ýangyjy, 12 müň tonna mazut, 25,2 müň tonna agyr wakuum gazoýly we 23,5 müň tonnadan gowrak ýol bitumy öndürildi.