Türkmenistan bilen BAE-niň hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiniň mejlisinde durnukly energetikany ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen BAE-niň hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiniň mejlisinde durnukly energetikany ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen üçünji mejlisinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, emirlikleriň wekiliýetine Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan ýolbaşçylyk etdiler.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň döwlet we hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine we maýa goýum şertleriniň gowulandyrylmagyna gyzyklanma bildirildi.  Türkmenistanyň we BAE-niň ulag mümkinçilikleriniň ulanylmagy we kämilleşdirilmegi boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýän “EXPO-2020” Bütindünýä sergisiniň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň energetika we infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, hususan-da Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyga açykdygy aýratyn bellenilip geçildi. 

Taraplar “ýaşyl ykdysadyýetiň” wajyplygyny belläp, durnukly energiýanyň ulanylmagy, innowasion tehnologiýalaryň we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynyň bilermenlik başarnyklarynyň ilerledilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.  Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) çäklerinde hyzmatdaşlygy has hem giňeltmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi. 

Ministrler medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlary boýunça amaly hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.  Mejlisiň ahyrynda taraplar şu günki duşuşygyň netijeli geçirilmegine kanagatlanma bildirip, ýakyn geljekde hem Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň işjeň hereketleriniň goldanylmagynyň zerurlygyny nygtadylar.

Häzirki döwrüň howplary we wehimleri barada gürrüň edilende, taraplar global pandemiýa garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ähmiýetini bellediler. Ministrler pandemiýanyň dünýä derejesindäki durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek boýunça geljekki ädimler barada pikir alyşdylar.    

Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň üçünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993