Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XII jildiniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XII jildiniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XII jildiniň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Dabaraly çärä nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler binýatlaýyn ylmy işiň dowamy bolan täze jildiň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler. Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň ensiklopediýasyny hödürleýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby diňe bir türkmen farmakologlarynyň we lukmanlarynyň däl, eýsem, dürli dillere terjimeler arkaly tanyşmaga mümkinçilik alan köp sanly daşary ýurtly hünärmenleriň hem ýan kitabyna öwrüldi.

Täze neşiriň sahypalarynda ýurdumyzyň çäklerinde ösüp ýetişýän dermanlyk ösümlikleriniň şypaly aýratynlyklary jikme-jik beýan edilýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993