Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Fransiýanyň täze ilçisi bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Fransiýanyň täze ilçisi bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel bilen geçiren duşuşygynda ýokary derejedäki saparlaryň gurnalmagynyň wajyplygy barada bellenildi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň başynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlydygyny bellediler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar ikitaraplaýyn saparlar we köptaraplaýyn  duşuşyklara gatnaşmagyň çäklerinde ýokary derejedäki saparlaryň gurnalmagynyň wajyplygy barada bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde yzygiderli duşuşyklary guramak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, taraplar energetika, sanly ulgama geçmek, aragatnaşyk, gurluşyk, raýat awiasiýasy, saglygy goraýyş, oba hojalyk, moda senagaty ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar medeniýet, bilim we ylym pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Fransuz geňeşini döretmek baradaky başlangyjy teklip etdiler.

Duşuşygyň dowamynda hanym Izabel Ginel öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993