«Lukoýl» Hazar deňzinde Wladimir Filanow adyndaky käniň ikinji tapgyrynda ulanyş burawynyň ikinji tapgyryna başlady, diýip Interfaks agentligi habar berýär.
Ikini tapgyr ýylda nebit çykarylyşyny 6 mln tonna derejesinde saklap galmaklygy goldamak üçin gönükdirilendir. Ikinji tapgyryň çäklerinde iki sany guýynyň we buza durnukly stasionar platformada (BDP-2) bir sany gapdal sütüniň gurluşygy meýilleşdirilýär. «Bu kände nebitiň çykarylyşynyň taslama derejesini saklamaga mümkinçilik berer» - diýip «Lukoýlyň» metbugat-gullugynda habar berilýär.
Kompaniýada bellenilişi ýaly, birinji, ikinji we üçünji nobatdakylaryň desgalarynyň ählisini gurmak üçin rus potratçylary — Astrahan oblastynyň gämigurluşyk werfleri çekildi.
Filanow adyndaky kän — Hazar deňziniň rus bölegindäki iri nebit känidir. Onuň başlangyç çykaryş ätiýaçlyklary 129 mln tonna nebit we 30 mlrd kub metr gaz. Ol 2016-njy ýylda ulanyşa girizildi. Filanow käninde özleşdirmäniň üçünji tapgyrynyň işe girizilmegi netijesinde «Lukoýlyň» Hazar deňzinde nebit çykaryşy 2019-njy ýylyň jemleri boýunça 5,2% ýokarlandy we 6,4 mln tonna deň boldy.
Öň habar berlişi ýaly, 2020-nji ýylyň sentýabrynda «Lukoýlyň» ýolbaşçysy Wagit Alekperow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda döwlet Baştutanymyzy Hazar deňzinde nebitgaz känleriniň işlenip taýýarlanylyşy bilen tanyşdyrdy we kompaniýasynyň Türkmenistan bilen çig maly çykarmak ulgamynda bolşy ýaly, nebit we gazhimiýanyň taýýar önümlerini öndürmek ulgamynda hem hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.