2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklary, pensiýalar, talyp we diňleýji haklary hem-de döwlet kömek pullary 10% ýokarlandyrylar. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine bagyşlap anna güni geçiren giňişleýin mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrylar.
Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 957 manat möçberde bellenilip, ol aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanylar.
Resminama laýyklykda, zähmet haklaryny ýokarlandyrmak edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün ediler.