HNGU-da 2020-nji ýylyň uçurymlaryny gutladylar

HNGU-da 2020-nji ýylyň uçurymlaryny gutladylar

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda uçurymlary okuwyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutladylar. Bu gün professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem talyplaryň ýakynlary we hossarlary HNGU-nyň myhmansöýer binasyna ýygnandylar.Dabaraly ýagdaýda ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary uçurymlary gutladylar we olara hünär ýolunda üstünlik arzuw etdiler. Mugallymlaryň tagallalary, baý tejribesi netijesinde uçurymlar diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem isleg bildirilýän hünärleriň eýeleri boldular.Üstünlikli okuwdan başga-da, talyplar uniwersitetiň ylmy, jemgyýetçilik, medeni-köpçülikleýin we sport durmuşyna mynasyp goşant goşdular. Maslahatlarda we dürli derejeli bäsleşiklerde onuň abraýyny goradylar.Iň gowy halkara talyplyk oýlap tapyşlarynyň eýelerine, medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşanlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Hut şu talyplar okuwlarynyň dowamynda diňe bir üstünlikli bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, özlerini ylymda, sportda, döredijilikde we jemgyýetçilik çärelerinde işjeň görkezmegi başardylar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993