Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde 2021-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriş duşuşygyny geçirmekligi teklip etdi.

Bu teklibiň goldanan ýagdaýynda Türkmenistan öňde agzalan mesele boýunça degişli guramaçylyk işine başlamaga taýýardyr. Öňde boljak sammiti geçirmegiň senesi we gün tertibi barada aýdylanda, olary sebitiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ylalaşmak teklip edilýär.

Söhbetdeşler şeýle hem soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklara netijeli häsiýetiň mahsusdygy bellenildi. Bu geňeşiň alyp barýan işleri ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Sebitiň we dünýäniň käbir möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly meselä degip geçdiler. Bu ýagdaý häzirki wagtda tutuş dünýä bileleşigi üçin uly synaga öwrüldi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993