Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary altynjy Hazar sammitine taýýarlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary altynjy Hazar sammitine taýýarlygy maslahatlaşdylar

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.O.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Iki ýurduň Prezidentleriniň ylalaşyklaryny durmuşa geçirmegiň mazmunynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerine seredip geçdiler. Taraplar iki döwletiň halkara giňişligindäki özara hereketlerine aýratyn üns berdiler.

Bu ugurda Ministrler Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Altynjy Hazar sammitine görülýän taýýarlyklar dogrusynda pikir alyşdylar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993