«Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrdy

«Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrdy

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrdy diýip, Interfaks habar berýär.

Şu ýylyň birinji ýarymynda «Gazprom» Türkmenistandan alýan gazynyň möçberini  2019-njy ýylyň ilkinji alty aýynda 1,2 milliard kub metr bolanlygyndan, 1,7 milliard kub metre çenli ýetirdi. Bu barada bir çeşme Gazpromyň ýewro obligasiýalarynyň täze sanynyň 2020-nji ýylyň ilkinji 6 aýyndaky maglumatlara esaslanýan memorandumyna salgylanyp habar berýär.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, «Gazprom» 2020-nji ýylyň başyndan bäri Özbegistandan gaz satyn almagyny bes etdi.

"Gazprom" Gazagystandan satyn alynýan gazy 5,4 milliard kub metrden 4,1 milliard kub metre çenli azaltdy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993