«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazyň ylmy — barlag institutynda Türkmenistanda Ylymlar gününe bagyşlanan «Ylym we bilim ulgamlarynda innowasion tehnologiýalar» atly maslahat geçirildi.Maslahatyň gün tertibine ylmy, ylmy barlaglary ösdürmek, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we peýdalanmak, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly mowzuklar maslahatlaşyldy.Çärä nebitgaz toplumynyň dürli düzümleriniň, tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň barlaghanalarynyň ýolbaşçylary, ylmy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.Maslahatyň dowamynda ylmy barlaglar barada hasabatlar diňlenildi. Ylmy hünärmenler ylym ulgamynda tejribeleri bilen paýlaşdylar. Çykyş edenler şeýle hem Türkmenistanyň halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygynyň wezipelerini maslahatlaşdylar. Şol sanda, «3D seýsmiki barlag usuly arkaly Gögerendag-Ekerem zolagynyň düzümara ýapgytlarynda uglewodorod toplanmalaryny ýüze çykarmagyň geljegi», «10 ýyl Garaşsyzlyk känini işläp taýýarlamagyň aýratynlyklary» temalardan çykyşlar edildi.Maslahatyň çäklerinde pudagyň has tapawutlanan işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.