Türkmenistanyň Prezidenti RF bilen ýurdumyzyň strategik gatnaşyklaryny ösdürmekde W.Putiniň tagallalaryny belledi

Türkmenistanyň Prezidenti RF bilen ýurdumyzyň strategik gatnaşyklaryny ösdürmekde W.Putiniň tagallalaryny belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli iberen gutlagynda türkmen-russiýa döwletara gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygynyň ösmeginde RF-iň Prezidentiniň ägirt uly goşandyny belledi.

«Russiýa Federasiýasynyň ynamly durmuş-ykdysady ösüşi, döwlet gurluşynyň we halkara giňişlikde at-abraýynyň yzygiderli berkidilmegi Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglydyr» diýip, türkmen Lideri gutlag hatynda nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen, türkmen-russiýa strategik we dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmäge Prezident Wladimir Putiniň berýän ünsüni we uly goşandyny aýratyn belledi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris. Türkmen-russiýa döwletara gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygynyň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine gyşarnyksyz pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys” diýlip, gutlag hatynda aýdylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlygy we maşgala abadançylygyny, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993