Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda ýurdumyzyň durmuşynda ýakynda bolup geçen möhüm syýasy wakalara, hususan-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanyp maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we işgärleri, «Nebit-Gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor mugallymlary we beýlekiler gatnaşdylar.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýakynda ýurdumyzda bolup geçen möhüm syýasy wakalar döwletiň we jemgyýetiň içki ösüşi nukdaýnazaryndan, şeýle hem Türkmenistanyň halkara işjeňligi nukdaýnazaryndan ägirt uly ähmiýete eýedir.
Bellenilişi ýaly, 25-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň ilatynyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan taryhy çözgütler kabul edildi. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy özgerdildi. Bu bolsa döwletimiziň halk häkimiýetlilik ýörelgelerine ygrarlylygyny nobatdaky gezek tassyklady. Mejlisiň netijeleri boýunça «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi. Belläp geçmeli zatlaryň biri hem, bu resminamany işläp düzmek işi ýurdumyzyň dürli gatlaklarynyň tekliplerini nazara alyp amala aşyryldy.
Maslahatyň jemlerini jemläp, oňa gatnaşyjylar geljekde hem ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek işine işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.