«Günorta gaz geçelgesiniň» giňeldilmegi gazy ibermekligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam eder. Ýöne bu bazardaky islege bagly bolar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň energetika boýunça komissary Kadri Simson belledi, diýip Trend habar berýär.Simsonyň belleýşi ýaly, «Günorta gaz geçelgesi» Ýewropa Bileleşigi ýurtlary üçin energiýa serişdelerini ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak üçin möhüm taslama bolup durýar. «Golaýda geçelge açylar we Hazar deňzinden gaz ÝB iberiler. Taslama täze çeşmelerden gaz ibermekligi göz öňünde tutýar. Bu taslama biziň sebitimize gazyň iberilmeginiň howpsuzlygyny ýokarlandyrar» - diýip Ýewrokomissar goşdy.«Günorta gaz geçelgesi» birinji tapgyrda «Şah Deňiz – 2» känini işläp taýýarlamagyň çäginde alynýan azerbaýjan gazyny Türkiýäniň üçi bilen Ýewropa ibermek üçin turba geçiriji infrastrukturasyny döretmekligi göz öňünde tutýar. Azerbaýjan gazynyň Ýewropa iberilmegi 2020-nji ýylyň oktýabryndan 10 milliard kub metr möçberde bolmagy meýilleşdirilýär.Belläp geçsek, «Günorta gaz geçelgesiniň» mundan beýläk giňeldilmegi Hazar deňzi sebitinde beýleki çeşmeleriň goşulmagyny göz öňünde tutýar. Tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça dünýä liderleriniň hataryna girýän Türkmenistan bu babatda mümkin bolan çeşme hasaplanylýar. «GGG» ulgamyna goşulmak üçin ýyllyk kuwwaty 10-dan 30 milliard kub metre çenli bolan Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy göz öňünde tutulýar.