«Abraýly dostlar» hususy kärhanasy Türkmenistanda polipropilen multiflament sapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy. Dürli reňkdäki we görnüşdäki ýokary hilli sapaklar Balkan welaýatyndaky Gyýanlydaky polimer zawodynda işlenip taýýarlanylýan çig maldan peýdalanylyp öndürilýär.Sapaklary taýýarlamak işi Awstriýanyň SML kompaniýasynyň döwrebap enjamynda amala aşyrylýar. Taýýar önüm kärhananyň öz barlaghanasynda «ZwickRoell» nemes kompaniýasynyň enjamlarynda, şeýle hem garaşsyz guramalarda yzygiderli hil barlagynda geçirilýär.Iň täze tehnologiýalar uly liniýa dykyzlygynda sapaklaryň ýokary berkligini üpjün edýär. Önümiň hili hatda önümçiligiň ýokary tizliginde hem pese gaçmaýar. Kompaniýa ISO 9001, ISO 10002, ISO 140001, ISO 45001 sertifikatlaryna eýe boldy, onuň önümleri bolsa Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär.Multiflament sapaklary lýamkalaryň we torlaryň, howpsuzlyk kemerleriniň, plastik turbalaryň, üýşme tanaplaryň we stroplaryň, filtrleýji matalaryň, halylaryň, torbalaryň we ýumşak konteýnerleriň önümçiliginde peýdalanylýar.Kompaniýa hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga ymtylýar we önüminiň eksportyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda bu önüm Türkiýä eksport edilýär, şeýle hem kompaniýa önümlerini Ýewropa bazarlaryna ibermek boýunça hem gepleşikleri geçirýär.