Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy we beýleki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça resminamalara gol çekildi

Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy we beýleki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça resminamalara gol çekildi

Şu gün Kabul şäherinde «Salam han» prezident köşgünde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny, hususan-da Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demirýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge itergi bermäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.

Resminamalara Türkmenistanyň we Owganystanyň ygtyýarly wekilleri gol çekdiler. Olar: «Türkmengaz» döwlet konserniniň, TAPI Pipeline Limited we «Afgan Gaz Enterprise» edarasynyň aralarynda Owganystan Yslam Respublikasynda tebigy gaz bazaryny emele getirmek we ösdürmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň arasynda Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Afgan Wireless» aragatnaşyk kompaniýasynyň arasynda Ymamnazar–Akina hem-de Serhetabat–Turgundy halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak we üstaşyr akymlary geçirmek hakyndaky Şertnama; «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçiriji taslamasy, Owganystanda elektrik energiýasyny satyn almak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri» baradaky Ylalaşyk.

Dabara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, hökümet agzalary, Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çärä şeýle hem taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan halkara kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Bu dabarada wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdi, ol dabara wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň baştutanynyň adyna iberen salamyny ýetirip, R.Meredow dürli ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi, şol bir wagtyň özünde hem tutuş Ýewraziýa yklymy üçin geosyýasy we geoykdysady taýdan möhüm bolan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge gönükdirilen bu resminamalara gol çekilmeginiň ähmiýetini nygtap geçdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani çykyşynyň dowamynda iki ýurduň we halklaryň dostlugyna, şeýle hem diňe Owganystanyň hemmetaraplaýyn dikeldilmegine däl-de, eýsem sebitiň ykdysady integrasiýasyna täsir etmäge gönükdirilen iri göwrümli elektroenergetiki taslamalaryň kämilleşdirilmegine we köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ygrarlydygy hem-de Owganystana yzygiderli goldaw berýänligi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Bu resminamalara gol çekmegiň Owganystanyň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk hem işjeň durmuşa geçirilmegi ugrunda möhüm ädim bolandygy aýratyn bellenilip geçildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993