27-nji sentýabrda Türkmenistanda ýurdumyzyň taryhynda şanly sene — Garaşsyzlyk güni giňden bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýram edilýän gününde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Dabara şeýle hem Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Soňra Garaşsyzlyk güni mynasybetli esasy dabaralar Aşgabatda, ýurdumyzyň Baş meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy.
«Oguzhan» köşkler toplumynyň ýanyndaky Döwlet münberiniň öňünden motoatyjy esgerler, harby-howa güýçleriniň uçarmanlary, deňiz-pyýada batalýonynyň harby gullukçylary, harby tehnikalaryň ýörişi geçdi. Baýramçylyk ýörişinden şeýle hem döwrebap uçarlar uçup geçdi.
Soňra ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş toplumynyň üstünlikleri hem-de gazananlary görkezilip başlandy. Şunda ugurdaş mazmunda owadan bezelen awtoulaglar geçip, şol üstünlikleri aýdyň görkezdi.
Agşam «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Çykyşlara sahna ýyldyzlary, ýaş hem-de ussat estrada aýdymçylary, halk döredijilik we tans toparlary, Döwlet hory, «Altyn asyr» orkestri, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dürli öwüşginli feýerwerkler asmany bezedi. Asmanda gümmürdän köpöwüşginli feýerwerkler ýurdumyzda dowam edýän dabaralaryň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.