Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda anna güni telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň esasy mowzuklarynyň biri boldy.
Taraplaryň belleýşi ýaly, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň taslamasy strategik esasy düzýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzir TOPH taslamasynyň türkmen bölegindäki gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Ýakynda bolsa Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda goňşy ýurduň çäginde işleri çaltlandyrmaga ýardam etjek TOPH-nyň owgan böleginde ýerleri saýlap almak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow pakistanly kärdeşiniň ýardam etmeginde we goldaw bermeginde ýakyn wagtda Pakistanyň çäginde hem gaz geçirijiniň gurluşygyna başlanjakdygyna umyt bildirdi.
Bellenilişi ýaly, bu iri taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady taýdan ösmegine täze itergi bermek bilen, biziň döwletlerimizi hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen has-da jebisleşdirip, parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şertine öwrüler.