Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçylary ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygyny nygtadylar

Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçylary ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygyny nygtadylar

Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly penşenbe güni geçirilen geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Feýsal Bin Farhan Al-Saud ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň çäklerinde diplomatlar söwda-ykdysady ulgamyndaky özarahereketleriň ýygjamlaşdyrylmagy, nebitgaz, gazhimiýa pudaklaryndaky, şonuň ýaly-da oba hojalygy, dokma we gurluşyk önümçiligi senagatlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler.

Türkmenistanyň çäginde dürli senagat ähmiýetli desgalaryň gurluşygy ulgamynda geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi maksady bilen ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna maýa goýumlaryň çekilmegi üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi we giňeldilmegi hem söhbetdeşleriň ünsüni çeken aýratyn mowzuk boldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993