Türkmenistan we Gazagystan türkmen gazyny Gazagystanyň içerki bazarlaryna ibermek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistana iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin aýtdy.
Saparyň çäklerinde Askar Mamin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisine gatnaşdy.
— Energetika ulgamynda biz türkmen gazyny Gazagystanyň içerki bazarlaryna ibermek mümkinçiliklerine garadyk — diýip Askar Mamin hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisinden soň, ORIENT agentligine beren interwýusynda gürrüň berdi.
— Bu ugurda iş alyp bararys. Bu täze taslamalar, täze göwrümler. BU Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri hem-de olaryň ösüşi bilen bagly, şeýle hem Gazagystanda gazyň içerki bazarlarda sarp edilişi bilen bagly, diýip Mamin aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen maslahatlaşylan beýleki temalar barada durup geçip, Askar Mamin şeýle diýdi, «oba hojalyk, energetika, ulag-üstaşyr mümkinçilikleri ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy».
— Biz ösüş üçin uly mümkinçilikleri görýäris. Şu ýyl bolup geçýän ählumumy pandemiýa bilen bagly hadysalara garamazdan, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara haryt dolanyşygy artýar. Ýedi aýyň netijeleri boýunça ösüş 30 %-den gowrak boldy. Biz sebitde üstaşyr geçirimleriň göwrüminiň artýandygyny görýäris. Iň esasy hem, Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstaşyr düzümi işjeň hereket edýär – diýip Premýer-ministr belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Mamin Gazagystany we Türkmenistany Eýran bilen baglanyşdyrýan «Demirgazyk – Günorta» demir ýol magistraly boýunça üstaşyr daşamalaryň artmagyna garaşylýandygyny belledi.