«ENI» italýan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

«ENI» italýan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Penşenbe güni Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew bilen Italiýa Respublikasynyň «ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti L.Winýatiň arasynda gepleşikler geçirildi.Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar berşi ýaly, duşuşykda taraplar «ENI» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi baradaky meseleleri, geçirilýän işleriň netijelerini we «COVID-19» bilen bagly wehimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen açyk we birek-birege ynanyşmak häsiýetli gatnaşyklar barada aýdyp, italýan tarapy ýakyn hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.Şeýle-de serişdeleriň gymmatyny we durnuklylygyny iki tarapyň hem bähbidi üçin saklamak maksady bilen, häzirki döwürdäki ykdysady ýagdaýa laýyklykda maýa goýumy we kompaniýanyň işini işjeňleşdirmek babatdaky tekliplere seredildi.«ENI» italýan kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Balkan welaýatynda ýerleşen «Nebitdag» şertnamalaýyn çäginde taýýar önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň esasynda öz işini alyp barýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993