Gurbanguly Berdimuhamedow Suga Ýosihideni Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady

Gurbanguly Berdimuhamedow Suga Ýosihideni Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Suga Ýosihide Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Siziň ýolbaşçylygyňyzda Ýaponiýanyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşlerde täze sepgitlere ýetjekdigine, şeýle hem halkara giňişlikde öz at-abraýyny has-da berkitjekdigine ynanýaryn” diýip, türkmen Lideri öz hatynda nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti biziň döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini belläp, soňky ýyllarda üstünlikli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny aýratyn nygtady.

«Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz has giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Strategik häsiýete eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň biziň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, hatda aýdylýar.

Belläp geçsek, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem nebitgaz toplumydyr. Ýapon kompaniýalary ýurdumyzda uglewodorodlary gaýtadan işlemek hem-de nebit we gazhimiýanyň taýýar önümlerini öndürmek boýunça iri kärhanalary gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşdy.

Olaryň hatarynda — tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de  ЕСО-93 ekologiýa taýdan arassa sintetik benzini öndürmek boýunça iri gaz himiýa toplumy bar. Ol 2019-njy ýylyň iýun aýynda Ahal welaýatynda işe girizildi. Bu taslama «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy.

Şu ýylyň awgustynyň ahyrynda «Türkmengaz» DK-nyň hem-de “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň geçiren duşuşygynda nebitgaz ulgamynda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993