Demirgazyk Goturdepe käninde 317-nji guýuda nebitiň senagat akymy alyndy

Demirgazyk Goturdepe käninde 317-nji guýuda nebitiň senagat akymy alyndy

Demirgazyk Goturdepe we onuň töweregindäki çäkleri senagat taýdan özleşdirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» Buraw işleri müdirliginiň zähmet toparlary taslama çuňlugy 5000 metr bolan täze №317 guýuda işleri üstünlik alyp barýarlar.

Işleriň netijesinde 4965 metr çuňlukda günlük debiti 100 tonna bolan nebitiň kuwwatly senagat akymy alyndy. Bu bolsa «Nebitgazylmytaslama» institutynyň bilermenleriniň çaklamasyny tassyklaýar.

Käni işläp taýýarlamak işi «Yug-Neftegaz» (Singapur) kompaniýasy bilen baglaşylan şertnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Nebitiň Zj- 70 DB hytaý buraw desgasyny ulanmak arkaly pliosen käniniň aşaky gyzyl reňkli plastlaryndan çykarylmagy aýratyn bellärliklidir.

Häzirki wagtda ýokary depginli işler taslama çuňlugy 4860 metr bolan № 331 hem-de taslama çuňlugy 5000 metr bolan № 250 guýularda alnyp barylýar. Bu ýerde buraw işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy hem-de ýakynda wagtda nebitiň senagat akymynyň alynmagyna garaşylýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993