Ikinji Hazar Ykdysady forumy 2021-nji ýylda Moskwada geçiriler

Ikinji Hazar Ykdysady forumy 2021-nji ýylda Moskwada geçiriler

Ikinji Hazar ykdysady forumy 2021-nji ýylda Moskwada geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen geçirilen gepleşiklerden soň, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow mälim etdi.

Lawrowyň bellemegine görä, şol bir wagtyň özünde-de, altynjy Hazar sammitine taýýarlyk görülýär. Ýokary derejede geçiriljek bu duşuşykda resminamalaryň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.

Ministriň belleýşi ýaly, Russiýa we Gazagystan «Hazar bäşligi» düzüminde özara gatnaşyklary berkitmegi dowam etmegi zerurlygy babatda bir pikirdedirler. «Hazar sebitinde howpsuzlygy, ulaglaryň baglanyşyklylygyny, daşky gurşawyň goraglylygyny, syýahatçylygy ösdürmekligi, ylmy aragatnaşyklary ösdürmekligi üpjün etmek boýunça jogapkärçilik bu «bäşlige» degişlidir.

Ýatladyp geçsek, Birinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Oňa hazarýaka döwletleriniň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň Hökümet Baştutanlary, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň, banklarynyň, maýa goýum, ylmy gaznalarynyň, bilermenler jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu möhüm çäre hazarýaka döwletleriniň özara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem berkitmekde örän ähmiýetli waka boldy.

Bäşinji Hazar sammiti 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau (Gazagystan) şäherinde geçdi. Oňa Hazarýaka döwletleriniň Prezidentleri gatnaşdylar. Ýokary derejedäki duşuşygyň esasy wakasy — bäş sany döwletiň Liderleri tarapyndan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi boldy. Bu esas goýujy resminama Hazar deňziniň täze hukuk tertibini düzdi. Ol häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär hem-de kenarýaka döwletleriniň ählitaraplaýyn özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993