Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairi bilen penşenbe güni geçiren duşuşygynda türkmen-hindi döwletara gatanşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy.
Diplomat türkmen Liderine Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Rama Natha Kowindanyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny ýetirdi. Olar netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Hindistan ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Biz türkmen-hindi gatnaşyklaryna tüýs ýürekden guwanýarys hem-de ony has-da ösdürmäge uly ähmiýet berýäris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri boldy. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, bu gurluşyk Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmäge, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ilçi Hindistanyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagynyň sebit we dünýä derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Taraplar şu geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depgininiň saklanyp galýandygyny kanagatlanma bilen belläp, Söwda-ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň ähmiýetini nygtadylar.