«Lukoýl» ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär — Alekperow

«Lukoýl» ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär — Alekperow

«Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän ulgamyň, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gaz we nebithimiýa senagatynyň ösdürilmeginde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Bu barada “Lukoýl” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Wagit Alekperow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda aýtdy.

Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleri hökmünde ykrar edilen iki ýurduň özara bähbitleriniň jemlenýän wajyp ugurlarynyň biri nebitgaz senagatydyr. Ägirt uly serişde mümkinçilikleri nazara alnyp, bu pudagyň ösdürilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine ygrarlydygy barada aýdyp, ýurdumyzyň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryndan, ilkinji nobatda, özüni ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görkezen kompaniýalardan gelip gowuşýan teklipleri hemişe uly gyzyklanma bilen öwrenýändigini nygtady.

Işewür Hazar deňziniň uglewodorod känlerini özleşdirmek boýunça “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri bilen döwlet Baştutanyny tanyşdyryp, biziň ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de ygtybarly hukuk binýadynyň daşary ýurt işewürler toparlarynyň maliýe serişdelerini, nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamaga, ugurdaş düzümleri gurmaga maýa goýmaga ýardam edýändigini belledi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993