Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bu desga polat turbalar bilen doly üpjün edildi. Şeýle hem gaz geçirijiniň türkmen böleginde turba geçirijiniň hem-de gaz gysyjy desgalaryň gurluşyk işlerine tehniki gözegçiligi amala aşyrmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Gonkongyň degişli kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy.Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginde turba geçirijiler doly kebşirlenip, türkmen-owgan serhedine eltildi. Kebşirlenen turbalary oturtmak işleri dowam edýär.Gaz geçirijiniň türkmen bölegi üçin kömekçi enjamlary we serişdeleri üpjün etmek barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň baglaşan şertnamasyna laýyklykda, gaz geçirijiniň ugrunda uly göwrümli açyp-ýapyjylary gurnamak göz öňünde tutulýar.Şeýlelikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginiň gurluşyk-gurnama işleri batly depginli alnyp barylýar.Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm bölegidigini belledi. Ol tebigy gazyň dünýä bazaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ybarat bolup, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda halkara guramalary, ygtybarly maliýe düzümleri we nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.