Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek boýunça gepleşikleriň ikinji tapgyry başlady

Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek boýunça gepleşikleriň ikinji tapgyry başlady

2020-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek boýunça toparyň halkara gepleşikleriniň ikinji tapgyry öz işine başlady. Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis şu ýylyň 11-nji sentýabrynda anna güni tamamlanar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Gepleşiklere türkmen tarapyndan ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususan-da «Türkmennebit» we «Türkmengaz» Döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Energetika, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.

Häzirki wagtda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasy ýeke-täk köptaraplaýyn ylalaşyk bolup, ol energetika serişdeleriniň halkara söwdasy, şonuň ýaly-da olaryň döwletara nebit we gaz geçirijilerinden, elektrik geçirijilerinden üstaşyr daşalmagy bilen bagly bolan syýasy, ykdysady we hukuk häsiýetli dürli meseleleriň çözgüdine gönükdirilen bolup durýandyr.

Şertnama dünýäniň 50-den gowrak ýurtlary, şol sanda Türkmenistan, Beýik Britaniýa, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan, Türkiýe beýlekiler gol çekdiler.

Nobatdaky gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar energoserişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi, infrastrukturalara ygtyýarlyk, nyrhlaryň kesgitlenilmegi we ýörelgeleri, durnukly ösüş we köpçülikleýin durmuş taýdan jogapkärçilik, dawalaryň çözülmegi, şeýle-de energoüpjünçilik ulgamyndaky geleşiklere we ylalaşyklara gatnaşyjylaryň hereketleriniň aýdyňlygy ýaly derwaýys meseleleriň ençemesine seredip geçdiler.

Çärä gatnaşan wekiller Şertnamanyň gatnaşyjylarynyň hukuklarynyň hem-de borçnamalarynyň üstaşyr geçirimler, maýa goýumlar, energetiki howpsuzlyk we netijelilik, energoserişdeleriniň söwdasy ýaly ugurlar babatynda gaýtadan gözden geçirilmeginiň zerurlygy dogrusynda bir pikire geldiler.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993