Geologlar Lebap welaýatynyň ýerasty suwlarynyň ätiýaçlyklaryny artdyrýarlar

Geologlar Lebap welaýatynyň ýerasty suwlarynyň ätiýaçlyklaryny artdyrýarlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň hünärmenleri Lebap welaýatynyň ilatly nokatlaryny ýeterlik möçberde agyz suwy bilen üpjün etmek maksady bilen ýerasty suwlary gözlemek, olaryň ätiýaçlyklaryny kesgitlemek, şeýle hem guýulary ulanmak boýunça işleri alyp barýarlar.

Ýurdumyzyň iri senagat sebitini ýokary hilli agyz suwy we suwaryş suwlary bilen üpjün etmek işi — «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň gidrogeologiýa eskpedisiýasynyň işiniň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Gidrogeologlar ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmak bilen bu wezipäni üstünlikli çözýärler.

Häzirki wagtda ekspedisiýa ýerasty suw plastlaryny gözlemek, olaryň ätiýaçlyklaryny kesgitlemek, şeýle hem hereket edýän guýularyň ýagdaýyna gözegçilik etmek işlerini dowam etdirýärler. Ýerasty suwlarynyň ätiýaçlyklaryny bahalandyrmak — geologlar tarapyndan amala aşyrylýan işleriň iň çylşyrymlylarynyň biri. Geçen ýylda Halaç etrabynyň çäginde birnäçe guýular burawlandy, Garabekewül guýusynda suwuň ulanyş ätiýaçlyklarynyň bahalandyrmasy geçirildi.

Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň çäklerinde köp sanly suw arassalaýjy toplumlar guruldy. Täze suw guýulary suw arassalaýjy desgalara suwy netijeli ýetirmekligi üpjün etmekde esasy serişde bolup durýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993