Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlara garamazdan, şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň üstünlikli ösmegini dowam edýändigini görkezýär diýip geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde belledi.
Prezidentiň belleýşi ýaly, häzirki döwürde depginli geçirilýän makroykdysady syýasat ýurdumyzy uzakmöhletleýin ösdürmegiň strategik maksatnamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna jemi içerki önümiň 5,7 göterim ösüşini gazanmagy üpjün etdi.
Ýurdumyzda bilim we ylym ulgamyny özgertmek, önümçiligi döwrebap ýagdaýa getirmek işleri hem kabul edilen maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. Sanly ulgamy ornaşdyrmak we Garaşsyz döwletimizi senagat taýdan ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Bazar ykdysadyýeti emele gelýär hem-de nebitgaz ýataklary özleşdirilýär.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyklary alnyp barylýar we beýleki halkara taslamalar taýýarlanýar. Berkarar Watanymyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam edýär diýip, döwlet Baştutany belledi.
Hususy telekeçiligi goldamak, ýurdumyzyň telekeçilerini ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek syýasaty dowam edýär. Emma, muňa garamazdan, gynansak-da, ykdysadyýetimiziň aýry-aýry pudaklarynda ençeme meseleler çözülmän gelýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu meseleleriň çözülmegi şol pudaklaryň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işine baglydyr.
Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz şu ýylyň 9 aýynyň jemleri boýunça pudaklaryň işiniň düýpli seljeriljekdigini hem-de ýolbaşçylar babatda degişli netijäniň çykaryljakdygyny habar berdi.
Şu ýyl üçin öňümizde duran wezipeler ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasynda anyk kesgitlendi we olar köp işleriň amala aşyrylmagyny talap edýär. Şoňa görä-de, bu wezipeleriň üstünde yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, döwlet Baştutany belledi.
Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarymyza, maldarçylygy ösdürmäge goşmaça itergi bermelidiris. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmalydyrys.