27-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow tebigy gazy we nebiti çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini çykarmakda guýularyň önüm berijiligini has-da artdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutany nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Kararlara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.