«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň burawçylary uly zähmet üstünliklerini gazandylar. 2020-nji ýylyň ýedi aýynda dag jynslarynyň 31 müň 756 metri geçildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli artykdyr.
Hasabat döwründe ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen serişdeler 73 mln 876 müň manatdan gowrak bolup, meýilnama 103,2 % ýerine ýetirildi. Goşmaça geçilen çuňluk 995 metre barabar boldy. Ösüş depgini 327,7% ýokarlandy.
Çuňlukdaky guýular burawlananda çuň dag jynslaryny burawlamakda özüni mynasyp görkezen kuwwatly buraw desgalaryny ulanylýar.
Dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň täze tehnikalaryny we tehnologiýalaryny özleşdirmek bilen, müdirligiň burawçylary gözleg-barlag işleriniň geografiýasyny giňeldýärler. Netijede, Altyguýy we Uzynada nebitgaz känlerinde iri möçberli geologo-gözleg işleri ýaýbaňlandyryldy.