Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna 2 sany täze gazturbinany gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen desgany 18 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şertinde öz serişdeleriniň hasabyna şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Bu Kararyň taslamasyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebithimiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Çünki döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan bu toplum Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri wise-premýere toplumyň kärhanalaryny tehniki taýdan üpjün etmek, uglewodorod çig malynyň düýpli, galyndysyz işlenilmegini üpjün edýän netijeli tehnologiýalary, nebit we gazhimiýa önümçiligine innowasion usullary ornaşdyrmak barada degişli tabşyryklary berdi.
Prezident «Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gaz-turbinalary gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.