«Marygazüpjünçilik» müdirligine ýokary we orta basyşly gaz geçirijileriniň gurluşygy üçin 325 mm diametrli turbalaryň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy.
Şu günlerde Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçesiniň çäginde we beýleki etraplarda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Mary welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň tagallalary bilen ýokary çydamlylygy bilen tapawutlanýan täze turbalar çekilýär. Eýýäm, 325 mm diametrlik turbalaryň 1200 metri kebşirlendi we gurnaldy, gaz geçirijileriň umumy uzynlygy 3000 metre barabardyr.
Tejribeli gazçylar şeýle hem enjamlary gurnamak, polietilen turbalardan gaz geçirijileri gurmak boýunça häzirki zaman tehnologiýalary özleşdirdiler. Bu hili gaz geçirijileri gurmak üçin ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler ulanylýar. Olar dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary takyklykdaky kebşirleme we işleriň beýleki görnüşlerini ýerine ýetirýärler.
Birinji ýarymýyllykda türkmen gazçylary tarapyndan umumy uzynlygy 9100 metr bolan 160 mm diametrli turbalaryň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi.
Mary welaýatynyň çäklerini mundan beýläk hem gaz bilen üpjün etmek boýunça işler ilatyň sosial-durmuş şerterini gowulandyrmak we sebitiň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň toplumyna girýär.