Türkmenistan EXPO-2020-niň guramaçylyk geňeşi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistan EXPO-2020-niň guramaçylyk geňeşi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri Dubaý şäherinde geçiriljek (Birleşen Arap Emirlikleri) «EXPO-2020» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan duşuşykda Bütindünýä forumyny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy.

Habar berlişi ýaly, dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýyny hasaba alyp, Türkmenistan «EXPO-2020-ni» indiki ýyla geçirmek barada BAE-niň öňe süren başlangyjyny goldady.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de netijeli pikir alyşmalary dowam etmek baradaky garaýyşlary beýan etdiler, şunda häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Dubaýda geçiriljek “EKSPO” gatnaşmagy gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşarky bazarlara işjeň çykarylmagyna, şeýle hem dürli ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga ýardam eder.

BAE-niň wekilleri Gurbanguly Berdimuhamedowa däp bolan ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklarynyň hem-de tutuşlygyna umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Bu ägirt uly forumy 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2022-nji ýylyň 31-nji marty aralykda geçirmek meýilleşdirildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993