TOYO Engineering Corporation ýapon kompaniýasy dökünleri öndürmekde, nebit we nebithimiýa toplumlarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny dowam etmäge gyzyklanmalaryny bildirdi, diýip Trend agentligi belleýär.
Öň, TOYO Engineering Corporation LG International Corp we Hyundai Engineering (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary bilen bilelikde bahasy 3,4 milliard dollara barabar bolan Türkmenistanda Gyýanlydaky zawodyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek işine gatnaşdy. Bu taslamada kompaniýa taslamalaşdyrmak we satyn almak işine jogap berdi, şeýle hem ulanyşa girizmek boýunça zawoda gözegçilik işine potratçylyk etdi.
Zawod Ýaponiýadan, Koreýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Belgiýadan, germaniýadan, Daniýadan we beýleki ýurtlardan alnan enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Bu zawodda öndürilýän polipropilen we polietilen içerki bazarlara bolşy ýaly, eksporta hem iberilýär.
Kompaniýanyň wekiliniň belleýşi ýaly, TOYO eger-de kompaniýa ýene-de teklip alsa, onda ol Türkmenistanyň çäginde şeýle taslamalary amala aşyryp biler.
TOYO Engineering Corporation 1961-nji ýylyň 1-nji maýynda esaslandyryldy hem-de tutuş dünýä boýunça, esasan, uglewodorod we nebithimiýa toplumlarynda hyzmat edýän inžinerçilik, satyn alyjy we gurluşyk kompaniýasy bolup durýar.