Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda nebitgaz toplumynyň ösüşiniň meseleleri maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy, nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny hem-de önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, çykarylýan we gaýtadan işlenilýän nebitiň hem-de gazyň mukdaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýer «Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň Tertibini» kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işiniň, şol sanda olaryň daşary ykdysady işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň häzir möhüm wezipe bolup durýandygyny, şol işleriň döwrüň talabyna laýyk getirilmelidigini belledi.
Türkmen Lideri dünýäniň nebitgaz senagatynyň gyzyklanmalaryny, energetika bazarlarynyň ýagdaýyny öwrenip, ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň esasy görnüşlerine bolan islegi seljermelidigini hem-de şol esasda öz ösüş meýilnamalarymyzy düzmelidigini nygtady.
Döwlet Baştutany wise-premýere nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini innowasion esasda döwrebaplaşdyrmak barada birnäçe anyk tabşyryklary berip, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň, şol sanda TOPH transmilli gaz geçirijisini gurmagyň möhletlerine yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.