Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunyň taslamasy makullandy

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunyň taslamasy makullandy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň başlygy «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda Konstitusion toparyň kararyna gol çekdi.

Döwlet Baştutany degişli resminama çarşenbe güni wideomaslahat görnüşinde geçirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň mejlisinde gol çekdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlisiň barşynda belleýşi ýaly, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasy halkymyzda uly gyzyklanma döretdi. Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň Parlamentini Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip atlandyrmak baradaky teklibi goldap, müňlerçe raýatlarymyz maslahatlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etdiler hem-de öz tekliplerini berdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek, onuň palatalaryny Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak baradaky teklibiň hem giň goldawa eýe bolandygyny belledi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowanyň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň raýatlarynyň pikirini öwrenmek üçin döwlet Baştutanynyň ähli mümkinçilikleri döredip bermegi bilen halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan Konstitusion kanunyň taslamasy bilen Esasy Kanunymyzdan 1 maddany aýyrmak, 3 maddany goşmak we 27 madda degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça işler, umuman, tamamlandy diýip hasap etmeli diýip, döwlet Baştutany belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak wekiller bilen hem ara alyp maslahatlaşmalary geçirmegiň, soňra ony Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürlemegiň we makullanan halatynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna bermegiň gerekdigini aýtdy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993