Türkmenistan Türkiýä propileniň iberilişini artdyrýar

Türkmenistan Türkiýä propileniň iberilişini artdyrýar

Baku – Tbilisi – Kars (BTK) demir ýol geçelgesi boýunça Mersine (Türkiýe) türkmen propileni ýüklenen 40 sany konteýner bardy, diýip Trend agentligi «Ady konteýner» OOO azerbaýjan kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, 40-45 futluk konteýnerler Türkmenbaşy portundan Bakuwa ADY Container Balkan fider gämisi arkaly ýetirildi. Konteýnerler Alat portuna getirilenden soň, olar platformalara ýüklenip, Türkiýä iberildi.

Bu türkmen propilenini Türkiýä daşaýan eýýäm üçünji konteýner blok-otlusy. Beýleki blok-otlulary hem her birinde 45 we 40 fut bolan 40 sany konteýnerden ybaratdy.

Türkmenbaşy-Mersin ugry boýunça hereket edýän propilen ýükli blok-otlusynyň operatorlary ADY Container, gruzin GR Logistics we türkleriň Pacific Eurasia Logistics kompaniýalarydyr.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993