Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda söwda-senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda söwda-senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow penşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri Albert Karimow bilen wideogepleşikleri geçirdi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda söhbetdeşler geljekde bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň özaragatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini belläp geçdiler.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «KAMAZ» JPJ, «Tatneft» JPJ, «Kazan dikuçar zawody» JPJ, «KER-Holding» JÇJ, «Ak bars» Gämigurluşyk korporasiýasy» PJ ýaly öňdebaryjy kompaniýalary we bu sebitiň beýleki işewürlik düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň döwlet we işewürlik düzümleri bilen ygtybarly hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň çäklerinde ýurdumyz nebitgaz senagaty, maşyngurluşyk, gämigurluşyk, awtoulag tehnikasy, serwis hyzmatlarynyň berilmegi, dürli maksatly iri senagat desgalarynyň gurluşygy we düýpli abatlamasy ýaly ileri tutulýan ugurlarda ysnyşykly özarahereketleri ýola goýdy.

Söhbetdeşler şonuň ýaly-da lukmançylyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň hem giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Dünýä derejesinde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly bolan häzirki şertlerde bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolýandyr. Bu ugurda Türkmenistanyň we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň alymlarynyň, ýokary hünär derejeli hünärmenleriniň we lukmanlarynyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň netijeli ulanylmagyna, şonuň ýaly-da taraplaryň pandemiýa garşy göreşmek işindäki tagallalarynyň utgaşdyrmak hereketini hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.

Taraplar şeýle-de özara gyzyklanma döredýän geljegi uly ugurlar boýunça özarabähbitli we ygtybarly hyzmatdaşlygy geljekde-de giňeltmek hem-de pugtalandyrmak babatynda ylalaşdylar.

RF-iň Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2019-njy ýylda Tatarystan bilen Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 120 mln dollardan gowrak boldy, bu bolsa 2018-nji ýylyň degişli döwründäkiden 5 esse ýokarydyr.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993