Wengriýa, esasanam, «Günorta gaz geçelgesi» arkaly tebigy gazyň importy bilen gyzyklanýar we Türkmenistany bu babatda geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar diýip, Trend agentligi Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrligine salgylanyp habar berýär.
Wengriýanyň Daşary işler ministrligi ýurtlaryň energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk barada ozal hem gürleşendigini aýtdy.
«Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Piter Siýýartonyň 2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda geçiren gepleşiklerinde hem energiýa meselesine üns çekildi» - diýip, ministrlik belleýär. Mundan başga-da, ministrlik ýurtlaryň işjeň hyzmatdaşlyk edýän beýleki ugurlary barada-da durup geçdi.
«Günorta gaz geçelgesi» ÝB-niň geljegi uly taslamalarynyň biri bolup, başlangyç tapgyrynda Hazar sebitinden Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa 10 milliard kub metr azerbaýjan gazyny ibermegi göz öňünde tutýar. 2019-njy ýylyň fewral aýynda «GGG» boýunça Konsultatiw geňeşiň mejlisinde Ýewropa Bileleşigi we Azerbaýjan Türkmenistana bu taslama goşulmagy teklip etdi.
ÝB «Günorta gaz geçelgesiniň» bir bölegi boljak Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berýär. Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy azyndan 30 ýylyň dowamynda türkmen gazyny uly möçberlerde Ýewropa bazarlaryna ibermekligi göz öňünde tutýar.
Bu ugurda hem, beýleki ugurlarda hem iri energetiki taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ähli mümkinçilikler bar. Munuň üçin ýurduň çäginde zerur bolan infrastruktura, şol sanda Türkmenistanyň günbataryndan gündogaryna gazy ibermek üçin «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi döredildi.
Gaz ätiýaçlygy boýunça ýurdumyzyň dünýäniň öňdäki üçlügine girýändigi hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa birnäçe ugurlar boýunça «mawy ýangyjy» uzakmöhletleýin ibermek üçin kepilligi üpjün edýär.