«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň önümçilik işjeňligi sarp edijileri bökdençsiz gaz bilen üpjün etmeklige, welaýatyň gaz geçirijilerine we gaz torlaryna hyzmat etmekden ybaratdyr.
Müdirlik 8,4 müň kilometrden gowrak gaz geçirijilerine, 452 sany gaz paýlaýjy beketlere, 3,8 müň sany gaz sazlaýjy beketlere hyzmat edip, Lebap welaýatynyň müňlerçe ýaşaýjylaryny «mawy ýangyç» bilen üpjün edýärler. Bu ulgamyň bökdençsiz hem kadaly işläp durmagyny müdirligiň ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri üpjün edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň çetli ilatly nokatlaryny gaz bilen üpjün etmek boýunça işler dowam edýär. Bu ugurda «Lebapgazüpjünçilik» müdirligi meýilnamalaýyn işleri alyp barýar. Bu günki gün hünärmenler tarapyndan işleriň düýpli möçberi amal edildi.
208,7 müň sarp edijä gaz geçirijileri çekildi, galyberse-de, şu ýylyň alty aýynda bu görkeziji 1,9 müň artdy. Häzirki wagtda täze ýaşaýyş jaýlaryna getiriji hem paýlaýjy torlary çekmek hem-de olarda gaz hasaplaýjylaryny oturtmak işleri alnyp barylýar. Şular ýaly işler Türkmenabat şäherinde, Halaç we Kerki etraplarynda hem geçirilýär.
Geçen döwürde güýz-gyş möwsümine taýýarlyk boýunça işleri ýerine ýetirmekde özleşdirilen serişdeleriň möçberi 3,5 mln manada deň boldy.
«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň işiniň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebitgaz toplumynyň üstünlikli ösmegine düýpli goşandyny goşýar.