Türkmenistan Gruziýa nebit önümleriniň eksportyny artdyrýar

Türkmenistan Gruziýa nebit önümleriniň eksportyny artdyrýar

Türkmenistanyň awiasion kerosininiň Gruziýa eksporty 2020-nji ýylyň başyndan bäri takmynan iki esse ýokarlandy. Şu ýylyň birinji ýarymynda bu ýurda 22.9 müň tonna uçar ýangyjy iberildi, bu bolsa, Gruziýanyň uçar ýangyjynyň umumy importynyň 80 göterimini düzýär.

Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijiler birleşiginiň habaryna görä, Türkmenistan gruzin bazaryna benzin we dizel ýangyjyny üpjün edýän dört esasy ýurtlaryň biridir. Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan bu önümleriň 50 müň tonnadan gowragy satyn alyndy, bu 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8 müň tonna artykdyr.

Şu ýylyň fewral aýynda Gruziýanyň we Azerbaýjanyň demir ýol kompaniýalary Türkmenistanyň nebit önümlerini möwsümleýin üstaşyr geçmek boýunça noýabra çenli hereket etjek şertnama gol çekdiler. Şeýle-de 2019-njy ýylda Dubendi we Alat nebit terminallaryndan 360 müň tonnadan gowrak türkmen nebit we nebit önümleri daşaldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993