10 ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary Hytaýa 316 mlrd kub metr gaz iberdi — Sinhua

10 ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary Hytaýa 316 mlrd kub metr gaz iberdi — Sinhua

2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 19 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi, diýip Sinhua habarlar agentligi belleýär.

Umuman, 2009-njy ýylda ulanyşa girizilen bu magistral gaz geçirijisiniň ulanyşynyň tutuş dowamynda 316 mlrd kub metr tebigy gaz iberildi.

Merkezi Aziý gaz geçirijisi Türkmenistanyň serhetlerinden başlap, Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden geçýär, soňra Sinzýan-Uýgur awtonom etrabynyň Horgos diýen ýerinde «Günbatar-Gündogar» hytaý gaz geçirijisine birigýär. Gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1833 km bolup, ol her ýylda 60 mlrd kub metr möçberde gaz geçirmäge ukyplydyr – diýlip habarda bellenilýär.

Bu gaz geçiriji boýunça iň iri gaz iberiji ýurt Türkmenistandyr. 2019-njy ýylda «Türkmengaz» döwlet konserni Hytaýa 31,2 mlrd kub metr gaz iberdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993