Türkmenistanyň BSG synçy hökmünde amala aşyrjak indiki ädimleri barada pikir alşyldy

Türkmenistanyň BSG synçy hökmünde amala aşyrjak indiki ädimleri barada pikir alşyldy

Onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky duşuşykda türkmen tarapynyň synçy hökmünde amala aşyrjak indiki ädimleri barada pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory hanym Maýka Oşikawa ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň synçy derejesiniň BSG-niň düzümine goşulyşmaklyga barýan ilkinji möhüm ädimdigini we türkmen tarapynyň synçy döwri, bu gurama we onuň işi bilen ýakyndan tanyşmagy, şeýle hem gurama doly hukukly agza hökmünde goşulyşmak baradaky gepleşikleriň başlamagyna taýýarlyk görmegine mümkinçilik döretjekdigi bellenildi.

Öz çykyşynda hanym M.Oşikawa türkmen tarapyny ýene bir gezek BSG-na synçy derejesini almagy bilen gutlap, BSG-niň Baş direktorynyň Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan haty barada aýtdy.

Şeýle hem çärä gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmegi bilen baglanşykly birnäçe ileri tutulýan meselelere garaldy. Türkmenistanyň BSG-na gatnaşmagy ýurduň milli we daşary ykdysadyýetiniň çalt ösmegine goşant goşar, şeýle hem maýadarlary çekmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky karar 22-nji iýulda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde kabul edildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993