Westport Trading Europe Limited TNGIZT-de haýalladylan kokslama üçin desgalar toplumyny gurýar

Westport Trading Europe Limited TNGIZT-de haýalladylan kokslama üçin desgalar toplumyny gurýar

ABŞ-nyň Westport Trading Europe Limited (WTL) kompaniýasy TNGIZT-niň çäginde haýalladylan kokslama we gudrony deasfaltlaýjy desgalar toplumyny gurýar. Umumy bahasy 120 mln ýewro bolan taslamany durmuşa geçirmek işi 2019-njy ýylyň ahyrynda başlandy. Gurluşygy 2022-nji ýylda tamamlamaklyk meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda işler ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap ýokary tehnologik enjamlaryň çekilmegi, önümçilik prosesleriniň işjeňleşdirilmegi, maliýeleşdirmekligiň netijeli usuly, şeýle hem zähmet bölünişiginiň sowatly paýlanylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Haýalladylan kokslama boýunça täze desganyň ulanyşa girizilmegi her ýylda 900 müň tonna çig mal almaklygy üpjün eder. Gudrony deasfaltlama boýunça enjamyň ýyllyk öndürijiligi 500 müň tonna möçberinde meýilleşdirildi.

WTL kompaniýasy şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda kuwwatlylygy bir million tonna kuwwatlykly «ЭЛОУ-АТ» elektroduzlaşdyrma blokly nebiti atmosfera daşaýjy täze desgany «açary gowşurmak» şerti bilen gurmak boýunça bäsleşikde hem ýeňiş gazandy.

Täze desganyň işe girizilmegi bilen Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebit koksynyň, benziniň, suwuklandyrylan gazyň we ýokary hilli ýol bitumynyň önümçiligini artdyrar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993