Geologlar Lebap welaýatynda geljegi uly meýdançalarda gözlegleri alyp barýarlar

Geologlar Lebap welaýatynda geljegi uly meýdançalarda gözlegleri alyp barýarlar

«Türkmengeologiýa» DK-nyň Lebap ekspedisiýasynyň hünärmenleri welaýatyň geljegi uly meýdançalarynda geologiýa gözleg işleriniň ugruny ynamly kesgitleýärler. Şu ýylyň geçen alty aýynda geofiziki gözlegleriň we guýulardaky işleriň möçberi düýpli artdy.

Häzirki wagtda iri möçberli gözleg işleri nebitgaz serişdeleriniň çaklanylýan meýdanlarynda alnyp barylýar. Işiň esasy maksady — plastlaryň geologiki gurluşyny öwrenmek, uglewodorod serişdelerini ýüze çykarmak we alnan maglumatlaryň esasynda çuňlaşdyrylan buraw işlerine taýýarlamak bolup durýar.

Ekspedisiýanyň düzüminde iki sany partiýa hereket edýär. «Altyn asyr türkmen 3D» seýsmiki partiýasynyň işi Malaý gaz käniniň çäginde alnyp barylýar, 2D 61-nji geofiziki partiýa bolsa gözleg işlerini Topazguýy meýdançasynda alyp barýar. Seýsimiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy, şeýle hem ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler tarapyndan Topazguýy meýdançasyndaky plastlaryň gurluşy we aýratynlyklary barada anyk hem doly maglumat almak üçin geçirilýän barlag işleri 2020-nji ýylyň noýabr aýyna çenli gözleg işleriniň birinji tapgyryny tamamlamaga we indikisine geçmäge mümkinçilik berýär.

Bu ugurda ýüzden gowrak tejribeli hünärmen zähmet çekýär. Täze geljegi uly meýdançalary ýüze çykarmak işlerinde göçme seýsmiki enjamlar we beýleki desgalar hereket edýär. Topazguýy meýdançasynda geçirilen barlag işlerinden alnan maglumatlar, şeýle hem onuň töwereginde ýerleşen Naýyp, Demirgazyk Gazojak gaz känlerinden alnan maglumatlar onuň geljeginiň uludygyna güwä geçýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993