Ýangyç bilen bökdençsiz üpjünçilik

Ýangyç bilen bökdençsiz üpjünçilik

Daşoguz welaýatynyň «Gubadagnebit» kärhanasynyň awtomobillere ýangyç guýujy beketleriniň toplumy iň täze kompýuter tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr. AÝGB-niň esasy bölegi uly awtoýollaryň boýunça ýerleşendir. Kärhananyň ýangyç guýujy beketlerinde müşderilere hyzmatlaryň giň toplumy hödürlenilýär.

Sarp edijileri ýokary hilli ýangyç bilen üpjün etmeklik — «Türkmennebitönümleri» müdirliginiň Gubadag kärhanasynyň awtomobillere ýangyç guýujy beketleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin kärhananyň ygtyýarynda döwrebap awtopark bar. Bu bolsa, nebit önümlerini Daşoguz welaýatynyň dürli künjeklerindäki AÝGB-niň nebit ammarlaryna howpsuz we tiz wagtda ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Tejribeli sürüjileriň ygtyýarynda ýük göterijiligi 10,5 tonna barabar bolan benzin daşaýjy KAMAZ – 65115 bar. Ol kuwwatly hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylyp, islendik aralyklara islendik howa şertlerinde ýük daşamaga niýetlenendir. Beketlerde ýangyjy kabul etmekde we saklamakda esasy talap — tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek bolup durýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993