Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň raýatlaryna Gurban baýramyny öýde maşgala agzalary bilen bilelikde bellemegi maslahat berdi. şeýle hem maslahat mobil ulgamynyň ulanyjylaryna sms habary arkaly, şeýle hem Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde ýaýradylan habarlar arkaly bellenildi.
«Şu günler howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmagy, 2 metr howpsuz araçägi saklamagy hem-de Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde köpçülikleýin çäreleri çäklendirip, bu baýramy her kimiň öz öýünde geçirmegini maslahat berýäris Gurban baýramyny maşgalamyzyň arasynda bellemegiň saglygymyzy goramagyň esasy şertidigini unutmalyň! Maşgalamyzyň saglygy bagtyýar günlerimize badalgadyr!» - diýlip habarda aýdylýar.
Gurban baýramy Türkmenistanyň döwlet baýramy bolup, şu ýyl ol 31-nji iýul, 1-2-nji awgustda bellenilýär.